Türkmenabatda migrasiýa we tertip-düzgün kadalary bilen bagly duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirligi we welaýat polisiýa müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen duşuşykda oňa gatnaşyjylara içerki we daşarky migrasiýanyň kada-kanunlary we jemgyýetçilik asudalygyny saklamak barada maglumatlar berildi.
Duşuşyga şäheriň köpsanly ýaşaýjylary, bilim işgärleri we ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Migrasiýa işgärleri çykyşlarynda döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny aýratyn nygtamak bilen, daşary ýurtlara iş, okuw we syýahat maksatly gitmegiň düzgünleri barada giňişleýin düşünje berdiler. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigi aýdyldy.
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň işgärleri jemgyýetçilik tertip-düzgüni, olary berjaý etmek barada täsirli çykyş etdiler. Şunda bilim işgärleri we ata-eneler ýaş nesli edep-terbiýeli, geljek üçin mynasyp adamlar bolup ýetişdirmek baradaky işde bilelikde işleşmäge çagyryldy. Olara bu meselede hukuk goraýjy işgärleriň ýakyndan ýardam berjekdigi ýene bir ýola nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda iri jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri hem çykyş edip, maslahatda aýdylanlara ýene bir ýola ünsi çekdiler. Sagdyn jemgyýetimizde kämil ýaşlaryň kemala gelmegi üçin hemmeleri bilelikde iş alyp barmaga çagyrdylar.