JEMGYÝET

Türkmenabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri Geňeşiniň guramagynda 17-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn ösen, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, olary arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerde terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny gurmak ugrunda ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: