BILIM

Türkmenabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşigi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Oňa Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerinden orta mekdepleriň okuwçylary dürli mowzuklar boýunça öz taslama işleri bilen gatnaşdylar. Welaýatyň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylary bolsa matematika, fizika, informatika, himiýa we biologiýa okuw dersleri boýunça aýratynlykda bäsleşdiler.

Bäsleşige mekdep okuwçylarynyň dürli ylmy başlangyçlary boýunça taýýarlan işleriniň jemi 94-si gatnaşdyryldy. Ýaş zehinliler çykyş edip, öz taslama işlerini goradylar.

Bäsleşige Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary eminlik edip, okuwçylaryň ylmy-döredijilik işlerini bellenen talaplara laýyklykda bahalandyrdylar. Iň gowularyň hatarynda saýlanan taslama işlere bäsleşigiň jemleýji, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: