BILIM

Türkmenabatda mekdep müdirliginiň usuly-amaly okuwlary geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdepde welaýat merkezindäki orta mekdepleriň müdirleriniň we olaryň orunbasarlarynyň, türkmen, rus, iňlis dili mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar geçirildi. Üç günüň dowamynda bilim işgärleri mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýokary tehnologiýaly enjamlaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça özara tejribe alyşdylar. Çykyş edenler şäherimizdäki ýöriteleşdirilen 2-nji, 28-nji, 39-njy, 41-nji orta mekdeplerde işleriň nusga alarlykly derejede ýola goýlandygyny, şonuň netijesinde bu bilim ojaklarynda okuwçylaryň bilimleri has-da çuňňur özleşdirýändiklerini nygtadylar. Şonuň ýaly-da okuwlaryň dowamynda 2024 —2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda gazanylan üstünlikler we geljekde öňde durýan möhüm wezipeler barada gürrüň berildi.