BILIM

Türkmenabatda mekdebe çenli bilim boýunça usuly-amaly maslahat geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 63-nji çagalar bakja-bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly, mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda okuw-terbiýeçilik işlerini netijeli guramagyň usullary» atly welaýat derejesindäki usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa etraplaryň we şäherleriň çagalar bakja-baglarynyň hünärmenleri hem-de terbiýeçileri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda öňdebaryjy bilim işgärleriniň ulanýan işjeň usullaryna degişli görkezme-okuw esbaplarynyň sergisi guralyp, Türkmenabat şäherindäki 13-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri tarapyndan «Milli mirasymyz bolan alajany dürli reňkli sapaklardan örmegiň usullary» atly çykyş görkezildi.
Maslahatyň çäklerinde usuly-amaly sapaklar geçirilip, olara terbiýeçiler bilen birlikde mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleri gatnaşdylar. Olar dürli mowzuklar boýunça çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem çagalar tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar olaryň sungata bolan gyzyklanmasyny açyp görkezdi. Maslahat hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döretdi.