Türkmenabatda medeniýet işgärleriniň adyndan hoşallyk çäresi geçirildi
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahat welaýat häkimligi hem-de medeniýet müdirligi tarapyndan guraldy. Ol Gahryman Arkadagyň we Arkadagly Gahryman Serdaryň ýurtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryny giň gerimde ýaýbaňlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi.
Dabaranyň dowamynda ýaşuly nesliň wekilleri, welaýat halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, döredijilik we medeniýet edaralarynyň işgärleri çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň ýylyň maksadyna, many-mazmunyna doly laýyk gelýändigini nygtadylar. Buýsançly sözler bilen bir hatarda welaýatymyzyň görnükli sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy.