Türkmenabatda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan sergi açyldy
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanowyň çykyşy diňlenildi. Şeýle-de dabara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanowyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Gülüstan Hudaýarowanyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi.
Soňra dabara gatnaşanlar giňden ýaýbaňlandyrylan sergini ýakyndan synladylar. Sergide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüne degişli muzeý gymmatlyklary hemmeleriň ünsüni çekdi.
Sergi 28-nji iýuna çenli dowam eder.