Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Magtymguly, sözle herne bileniň!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Ony welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenabat şäher häkimligi hem-de Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň
welaýat, şäher komitetleri bilen bilelikde geçirdi.
Döredijilik duşuşygyna medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, ýaşlar we şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Teatryň sahnasynda redaksiýanyň wekilleri bilen bilelikde Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, teatryň režissýory, welaýat kitaphanasynyň we welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wekilleri çykyş edip, degişli ugurlarda alnyp barylýan işler hem-de
Medeniýet hepdeligine, şol sanda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe görlen taýýarlyk işleri barada gürrüň berdiler.
Duşuşygyň dowamynda welaýatyň görnükli sungat ussatlary hem çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylar Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasyny, bagşy-sazandalaryň aýdan aýdymlaryny gyzgyn elçarpyşmalar bilen kabul etdiler.
Türkmenabatda Medeniýet hepdeligine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

24
Jun