Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde «Ýurdumyz parahat, asuda Diýar — ýaş zehinler öňe bat alýar» diýen mowzukda usuly-amaly maslahat geçirildi.
Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan geçirilen bu maslahata orta mekdepleriň matematika dersinden bilim berýän mugallymlary we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika hünäriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Halkara ynanyşmak we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat hünärmenleriň çykyşlary bilen başlandy. Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň okuw-görkezme esbaplaryndan taýýarlan sergisini synladylar. Soňra maslahat hünärmenleriň göreldeli okuw sapaklary bilen dowam etdi. Sapaklar algebra, geometriýa dersleri boýunça geçirilip, olara gatnaşanlara baý tejribe toplamaga ýardam etdi.
Türkmenabatda matematika mugallymlarynyň okuw maslahaty geçirildi

03
Apr