JEMGYÝET

Türkmenabatda maşgala gatnaşyklaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Türkmenabat şäher kazyýetinde raýatlara maşgala we maşgala gatnaşyklary, hukuklar we borçlar hakynda hereket edýän kanunlar boýunça yzygiderli düşündirişler berlip durulýar.

Ýakynda hem maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmäge, maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen kämil hukuk resminamalary barada giňişleýin düşündirişler berildi. Onda maşgalanyň türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýandygy, maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleriniň kemala gelýändigi we dürli meseleleriň çözülýändigi, olaryň kanuny goraglylygynyň kepillendirilýändigi, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmagy barada döwletimiziň edýän aladalary barada giňişleýin aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: