25-nji oktýabrda Türkmenabat şäherinde 5 kilometr aralyga marafon ýaryşy geçirildi. Ony BMG-niň edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalary gurady.
Türkmenabatdaky ýaryşa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili gatnaşdy.
Bitarap Türkmenistan we Alty Garlyýew köçeleriniň urgunda geçirilen ýaryşa höwesjeňleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Ýeňijiler ýetginjekleriň we uly ýaşlylaryň arasynda aýry-aýrylykda yglan edildi.
Ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda Farap etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Muhammet Durdymyradow bilen Aziza Atahanowa ýeňiji bolmagy başardy. 18 ýaşdan uly gatnaşyjylaryň arasynda bolsa sambo boýunça türgen, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Gurtgeldi Gurdow bilen welaýat merkezindäki 17-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Nargiza Kadyrowa pellehana ilkinjiler bolup geldiler.
Türkmenabatda marafon ýaryşy geçirildi
27
Oct
