SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda M.Şaripowyň hatyrasyna bagyşlanan boks ýaryşy geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 8-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Mamutjan Şaripowyň ýagty ýadygärligine bagyşlap, boks boýunça «Açyk ring» atly ýaryşy guradyk. Oňa welaýatymyzdan 2013 — 2018-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň uly topary gatnaşdy.
Agram derejeleriniň 11-si boýunça guralan duşuşyklar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Eminler we halypa tälimçiler türgenleriň ýaryşa taýýarlygyna ýokary baha berdiler. Şeýle-de bu ýaryş welaýatymyzyň ýygyndy topary üçin ussat boksçylary saýlamaga mümkinçilik berdi. Ýaryşyň tutuş dowamynda sport mekdebimiziň türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Olardan ýaş boksçylar Nizam Şaýmanowyň, Atajan Hamraýewiň, Osman Oraýewiň, Ulugbek Durdyýewiň emel-tilsimleri ulanyp bilişleri aýratyn öwgä mynasyp
boldy.