BILIM

Türkmenabatda koreý dili öwredilip başlanar

Sentýabr aýyndan başlap, Türkmenabat şäherinde koreý dilini öwrenmäge höwesek ildeşlerimize bu dil öwredilip başlanar. Bu işi «Zehin ýoly» okuw merkeziniň Lebap welaýat şahamçasy ýola goýar.
Okuw merkeziniň welaýat şahamçasynyň jemgyýetçilik torlaryndaky resmi sahypalary eýýäm bu barada bildirişleri ýaýradyp başladylar. Bellenilişi ýaly, okuwlar Türkmenabat awtomenziliniň ikinji gatynda okadylar. Täze tapgyr öz işine 15-nji sentýabrda girişer.
Häzirki wagtda «Zehin ýolunyň» Türkmenabatdaky şahamçasynda diňleýjilere rus, iňlis, nemes, hytaý we fransuz dilleri öwredilýär.