JEMGYÝET

Türkmenabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Ir säher bilen Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň golaýynda geçirilen dabaraly ýygnanyşyga syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, tälimçiler, türgenler, talyp ýaşlar hem-de dürli kärleriň wekilleri gatnaşdylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini berdi.
Weloýöriş «Ýüpek ýoly» binasynyň ýanyndan badalga alyp, Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen dowam etdi. Ýoluň ugrunda ýerleşýän ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, welaýat kitaphanasynyň öňünde hem-de Baş baýdak meýdançasynda medeni çykyşlar guraldy. Çäräniň jemleýji tapgyry welaýat köpugurly sport toplumynda geçirilip, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary we sport çäreleri bilen dowam etdirildi.