MEDENIÝET

Türkmenabatda «Kompozitor» filminiň halkara baýraklaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi hem-de welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan «Sungatyň we ynsanperwerligiň sazlaşygy» atly maslahat geçirildi. Çäre Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen Türkmenistanyň kino günleriniň dowamynda TÜRKSOÝ halkara baýraklarynyň ikisine mynasyp bolmagyna bagyşlandy.
Maslahatda çykyş edenler film barada maglumat berip, onuň «Goşa ganatly uly laçyn» baýragy bilen sylaglanandygyny, filmiň saz bezegini ýerine ýetiren kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň bolsa «Ganatly altyn bedew» baýragyna mynasyp bolandygyny aýtdylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar «Kompozitor» filmine tomaşa etdiler.