JEMGYÝET

Türkmenabatda işewürlik maslahaty geçiriler

29-30-njy aprelde Türkmenabat şäherinde «XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi» mowzugy boýunça ilkinji iri işewürlik maslahaty geçiriler. Bu maslahatyň guramaçysy hökmünde «Iş nokady» kompaniýasy çykyş eder.

Kompaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beren beýanatynda onuň ITEA Halkara IT-akademiýasynyň, Çagalar we ýetginjekler üçin CODDY programma mekdebiniň, Russiýanyň «City Business School» halkara işewürlik mekdebiniň, şeýle hem «Miniboss & Bigboss Business School» çagalar we ýetginjekler üçin işewürlik mekdebiniň Türkmenistandaky resmi wekilidigi ýatladylýar.

Iki günlük maslahatda marketing, işgärleri dolandyrmak, üstünlikli satuwlar, şeýle hem häzirkizaman IT tehnologiýalary ýaly mowzuklar işleniler. Bu mowzuklaryň işewürler we hususy telekeçiler üçin gyzykly boljakdygyny aýdyp bileris. Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň wekilleri ITEA Halkara IT akademiýasynyň we Çagalar we ýetginjekler üçin CODDY programma mekdebiniň hünärmenleri bilen bilelikde ussatlyk sapaklaryny bererler. Bu sapaklar «Minecraft: emeli intellekte giriş» we «Python» diliniň mysalynda programmirlemegiň esaslary we hususy programmalaryňy işläp düzmek» atly mowzuklarda alnyp barlar.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde: «SMM-konsepsiýasy. Işiňiz üçin täzeçillik» atly işewürlik-ertirligi geçiriler.

Işewürlik maslahatynda öz pudagynda uly iş tejribesi bolan hünärmenler çykyş ederler. Çykyş etjekler diňe bir leksiýa bermek bilen çäklenmän, diňleýjileriň ähli sowallaryna jogap bererler we gyzyklandyrýan meseleler boýunça maslahat bererler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: