TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatda institut şäherçesi açylyp, ulanylmaga berler

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda ýurdumyzda ykdysady hem-de medeni-durmuş ugurly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga beriljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň hem şol möhüm taslamalaryň hatarynda durýandygy aýratyn nygtaldy.
Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr. Welaýat merkezinde ýerleşýän bu baýry ýokary okuw mekdebiniň täze toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.