Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 64-nji çagalar bakja-bagynda guralan «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň tebigy zehinini ýüze çykarmakda we olaryň durmuş endiklerini ösdürmekde many-mazmunly oýunlary guramagyň öňdebaryjy iş usullary» atly usuly-amaly maslahat bu babatda diýseň ähmiýetli boldy.
Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahat iki günläp dowam etdi.
Bilşimiz ýaly, körpeler bilen guralýan oýunlar mekdebe çenli bilimiň we terbiýäniň özenini düzýär. Bu işiň göwnejaý guralmagy bilim bermegiň başlangyç tapgyrynda uly ähmiýete eýedir. Döwlet derejesindäki maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alnan 64-nji çagalar bakja-bagynda bu babatda nusga alarlykly işler ýola goýulýar. Öňdebaryjy bilim ojagynda ýaş nesle daşary ýurt dilleri hem çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Bu ýerde okuw-terbiýeçilik işleri dürli didaktiki oýunlar, bäsleşikler arkaly guralýar. Munuň oňyn netije berýändigine maslahatyň çäginde şu çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileriniň guran göreldeli okuw sapaklary hem doly şaýatlyk etdi. Hususan-da, bagyň dürli ýaşly toparlarynda körpeleriň sözleýşini ösdürmek, olara dil öwretmek boýunça guralan sapaklar örän täsirli boldy.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen bilim işgärleri körpeler bilen öwrediji sapaklary, terbiýeçilik çärelerini guramak boýunça özara pikir alyşdylar, iş tejribelerini paýlaşdylar. Bu bolsa olara geljekde bilim-terbiýeçilik işlerini has-da kämil derejede guramaga oňyn ýardam eder.
Türkmenabatda iki günlük usuly-amaly maslahat geçirildi

17
Apr