Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginde welaýat prokuraturasy we welaýat polisiýa müdirligi bilen bilelikde «Halal zähmet — eşretli durmuşyň sakasy» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Onda edilen çykyşlarda ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, pudaklaryň we ulgamlaryň işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Şonuň ýaly-da çykyşlarda jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmekde, işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjylary höweslendirmekde ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan netijeli we yzygiderli işleriň ähmiýeti nygtaldy.
Degişli düzümleriň işgärleri ýol hereketiniň düzgünleriniň pugta berjaý edilmeginiň ynsanyň saglygyny we ömrüni goramakdaky möhüm ähmiýeti, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, howpsuzlygy üpjün etmekde ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň möhüm borçlary dogrusynda gürrüň etdiler.