LUKMANÇYLYK

Türkmenabatda howply kesel bilen bagly maslahat geçirildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň biraýlygy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri welaýatymyzyň saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tejribeli hünärmenler ýurtda ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, ýatgy boýunjygynyň täze döremelerine garşy göreşmegiň, onuň öňüni almagyň has netijeli bejergini geçirmäge hem-de saglygymyzy goramaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Çykyşlarda bellenilişine görä, zenanlarda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini irki döwürde anyklamak maksady bilen Lebap welaýatynda aýallarda skrining barlaglary geçirilýär. Bu barlaglaryň ýatgy boýunjygynyň howply täze döremelerini ir döwürde anyklamakda we keseli wagtynda bejerip, öňüni almakda ähmiýeti örän uludyr. Munuň üçin her bir zenanyň wagtly-wagtynda lukmanlaryň barlagyndan geçip, olaryň maslahatlaryna eýermegi zerurdyr. Çünki ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesi aýal maşgalalaryň arasynda ýaýramak töwekgelçiligi artýan keseldir. Şonuň üçin her bir zenan maşgala ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň öňüni almak üçin ýylda 2 gezek onkoginekolog lukmanynyň barlagyndan geçmelidir, jyns agzalarynyň wirus, ýokanç we sowuklama kesellerini öz wagtynda bejertmelidir, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmalydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: