Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, dabaraly ýagdaýda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty mineral dökünlerini öndürýän toplumyň düýbüni tutmaga ak pata bermegi mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň işçi-hünärmenleri, Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler. Türkmenabatda hem döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna badalga berilmegi oba hojalyk önümçiliginiň mundan beýläk hem köptaraplaýyn ösmegine oňyn täsirini ýetirjek giň gerimli işleriň biri boldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenabat şäherinde mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Ýüzlenme kabul edildi. Soňra welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň ruhlaryny has-da belende göterdi.
Türkmenabatda hoşallyk maslahaty geçirildi
17
Oct
