Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda welaýat häkimliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň netijelerine bagyşlanan aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Çykyş edenler ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler barada söhbet etmek bilen, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulmagynyň welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin ýakymly wakalarynyň birine öwrülendigini nygtadylar.
Çäräniň dowamynda teatryň zehinli aýdymçylary ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Türkmenabatda Himiýa zawodynda täze önümçiligiň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi
24
Oct
