JEMGYÝET

Türkmenabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli çäre geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenabat şäher häkimliginde welaýat jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalar tarapyndan «Zenan ýüregi — gülden näzik» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa mähriban eneler, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň öňdebaryjy zenanlary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler zenanlaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny barada çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda zenanlaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşantlary hem-de olar üçin döredilýän mümkinçilikler barada bellenildi. Şeýle hem mähriban enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk çäresi şäheriň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz çykyşlary bilen dowam etdi.