JEMGYÝET

Türkmenabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli maslahat geçirildi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenabat şäher häkimliginde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň, syýasy partiýalaryň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler milli ýörelgelerimizi özünde jemleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň aýratynlyklary, geçen 30 ýylyň içinde döwletleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary, dostlugy, abadançylygy berkitmekde amala aşyrylýan beýik işler barada aýdyp geçdiler. Medeniýet-sungat ussatlarynyň berkarar Watanymyzy, asuda Diýarymyzy, parahat durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň mazmunyny has-da artdyrdy.