JEMGYÝET

Türkmenabatda Gyzyl Ýarymaýyň 100 ýyllygy bellenildi

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çärä Milli jemgyýetiň welaýat we etrap bölümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de meýletinçiler gatnaşdylar. Maslahatda jemgyýetiň döredilen gününden bäri daşky gurşawy goramak, ynsan saglygyny üpjün etmek, ilata ynsanperwerlik kömegini bermek we ýokanç keselleriň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyşlar edildi.
Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň we meýletinçileriň arasynda alnyp barylýan işlere seljerme berildi hem-de degişli wideo şekillere tomaşa edildi. Şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda ilata kömek bermek we jemgyýetçilik goldawyny güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň netijeliligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar meýletinçiler tarapyndan taýýarlanan sergini synladylar.