Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Nahal” hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda gurulýan bu döwrebap bilim ojagynyň gurluşygyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna çenli doly tamamlamak we ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Toplum 26 gektar çemesi meýdanda ýerleşýär. Häzirki wagtda esasy gurluşyk işleri tamamlanyp, binalaryň içki bezeg işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem umumy ýaşaýyş jaýlarynda mebelleri ýerleşdirmek işleri başlanyp, ýakyn wagtda dünýäniň ösen döwletlerinden getirilýän kämil tehnologiýalaryň oturdylmagyna girişiljekdigi bellenilýär.
Türkmenabatda gurulýan bilim şäherçesinde döwrebap enjamlar ornaşdyrylýar
19
Feb

