Türkmenabatda Gün panelleriniň batareýalary öndüriler
«Kökçi» hojalyk jemgyýeti şu ýyl Gün panelleriniň batareýalaryny, şeýle hem telekommunikasiýa batareýalaryny öndürip başlamagy göz öňünde tutýar. Mahlasy, bu ýerde «ýaşyl» energiýanyň ösdürilmeginde netijeli ädimler ädiler.
2030-njy ýyla çenli bolsa hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan önümçiligi üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň belli bir böleginiň Gün panelleriniň üsti bilen kärhananyň özi tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilýär. Munuň özi kärhananyň önümçiligini hasda giňeltmegine mümkinçilik döreder.