JEMGYÝET

Türkmenabatda goşa baýram mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Demokratik we Agrar partiýalarynyň şäher komitetleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy — berkararlygyň synmaz sütünleri» diýen mowzukda dabaraly maslahat geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler döwlet nyşanlarymyzyň her biriniň mazmunyna siňen parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki döwürde täze öwüşginler bilen baýlaşdyrylýandygyny aýratyn nygtadylar. Bu mukaddeslikleriň ýaş nesliň kalbynda Watana bolan egsilmez söýgini we wepalylygy kemala getirmekde iň uly terbiýe mekdebidigi çykyşlarda nygtaldy. Maslahatyň dowamynda joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda gülleýän Watanymyz, eşretli zamanamyz, milli gymmatlyklarymyz we bagtyýar durmuşymyz belentden wasp edildi.