MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Türkmenabatda goşa baýram mynasybetli dabarada geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew söz sözläp, ýygnanlary baýramçylyk bilen gutlady. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem-de bilim işgärleri çykyş etdiler.

Çykyşlardan soň bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: