JEMGYÝET

Türkmenabatda goşa baýram mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmenabat şäherindäki “Türkmenistan” toý-dabaralar merkezinde mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 33 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli şu guramanyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

 Dabara welaýatyň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän işçi-gullukçylar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabara baýramçylyk gutlaglary bilen başlandy. Soňra welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. 

 Dabaraly çärede ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: