JEMGYÝET

Türkmenabatda gender deňligi barada söhbetdeşlik geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň çäklerinde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat şäherindäki merkezi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde gurady. Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa instituty bolsa çäräniň jogapkär edarasy hökmünde çykyş etdi.

Ýokarda ady agzalan Milli meýilnamanyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri öz içine alan söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat we Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, bilim hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler ministrlikleriniň welaýatdaky müdirlikleriniň, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralarynyň wekilleri we hukuk goraýjy işgärler gatnaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, bu söhbetdeşlikleriň tapgyryna 7-nji maýda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlik bilen badalga berildi. Türkmenabat şäherindäki çäreden soňra topar öz işini Daşoguz, Balkan we Ahal welaýatlarynda dowam etdirip, ähli söhbetdeşlikleriň jemine Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji çärede serederler.

Welaýat kitaphanasynda guralan söhbetdeşlikde Milli meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada Gündogar sebitde alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem zenanlaryň hak-hukuklary goralyp, gender deňligi ýokary derejede üpjün edilýär diýlip söhbetdeşlikde aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: