JEMGYÝET

Türkmenabatda geçirilen maslahatyň çykyşlarynyň beýany çap edildi

Noýabr aýynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasy
tarapyndan geçirilen «Durnukly ösüşiň gazanylmagynda Ýaşlaryň ekologiýa
biliminiň orny» atly ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň beýany çap edildi.
Garyşyk (onlaýn we oflaýn) görnüşde geçirilen maslahatda ýurduň ýokary okuw
mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň 140-a golaýynyň çykyş edendigini
ýatladýarys. 
Ylmy-amaly maslahatyň bölümlerinde Türkmenistanda ekologiýa biliminiň
ösdürilmegine degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlaryň  nutuklarynyň gysgaça beýany
«Ylym» neşirýatynda çap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: