Türkmenabatda geçirilen maslahat tebigaty goramaklyga bagyşlandy
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde «Tebigat ― bereket hazynasy» atly maslahat geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň wekilleri, Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär mekdebiniň talyp ýaşlary, ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy goraýyş we muzeý işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda bahar paslynyň ýetip gelmegi bilen, tebigaty goraýjylaryň öňünde uly işleriň durýandygy barada aýratyn nygtaldy. Oňa gatnaşan ýaşlar bolsa bu asylly işe goşant goşmaga çagyryldy. Hususan-da, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň işgärleriniň türkmen sährasynda bahar gözelliklerine bagyşlanan çykyşy täsirli boldy.
Maslahatda bellenilişi ýaly, birleşen tagallalaryň öz oňyn miwesini berjekdigine ynam bildirildi.