Türkmenabatda geçirilen maslahat Aşgabatda jemlenildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatynygeçirdi. Oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 700-den gowrak ýaşlaryň gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Maslahaty Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilelikde geçirdi. Maslahat Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň (COY 19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP 29) 29-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.
Maslahat ýaş nesliň howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, ekologik durnuklylyga we bioköpdürlilige ýetirýän täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmagy, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we netijelerini azaltmaga ýardam berýän innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda umumy çemeleşmeleri işläp düzmegi maksat edinýär.
Bu ýyl maslahat Türkmenistanyň sebitlerini hem öz içine aldy. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin maslahatlar Daşoguz, Balkanabat, Mary, Türkmenabat şäherlerinde we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda geçirildi. DÖM-iň ýaş ilçileri we işjeň raýatlar ýaşlar bilen duşuşmak arkaly has işjeň gatnaşyjylara jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge we pikir alyşmaga mümkinçilik döretdiler. Maslahatyň jemleýji bölümçesinde işçi toparlaryň ýolbaşçylary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Ýaşlar ýol kartasyna girizilen anyk teklipleri berdiler. Bu teklipler COY 19-da we COP 29-da hödürlenjek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň jemleýji nusgasyna giriziler.