MEDENIÝET

Türkmenabatda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy guralar

5 ― 7-nji mart aralygynda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guralar. Topar bu çykyşlary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň topary bilen bilelikde alyp barar.
Topar 5-nji martdan 10-njy aprele çenli aralykda ýurduň dört welaýatynda çykyş eder. 7-nji martda Türkmenabat şäherindäki çykyşlar tamamlanansoň, 10 ― 12-nji mart günlerinde Mary, 27 ― 29-njy mart aralygynda Balkanabat, 7 ― 10-njy aprel aralygynda bolsa Daşoguz şäherleriniň ýaşaýjylary we myhmanlary toparyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolarlar.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýanwar aýynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen sirk sungatynyň halkara festiwalynda baş baýraga mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: