SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda futzal ýaryşy gyzgalaňly dowam edýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 24-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde ýetip
gelýän şanly baýramçylyk ― hemişelik Bitaraplygyň 29 ýyllygy mynasybetli
futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogyny almak ugrundaky ýaryş
badalga aldy.
 Ýaryşyň 2-nji tapgyrynda «A» toparçada «Bäş dogan» we «Köpetdag»
toparlary nobatdaky ýeňşini gazandylar. Şunda «Bäş dogan» «Gurluşykçy»
toparyny 5:2 hasabynda ýeňen bolsa, «Amul» topary «Köpetdagyň»
derwezesinden bäş gol geçirendigine garamazdan, güýçli garşydaşyndan asgyn
geldi. Çünki topar öz derwezesinde sekiz gol gördi.
«B» toparçada bolsa «Zara» topary «Amyderýanyň» derwezesinden jogapsyz 7
gol geçirip, bassyr ikinji duşuşygynda hem uly hasaply ýeňiş gazandy.
«Bagtyýarlyk» we «Jeýhun» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolsa 10:7
hasabynda tamamlandy. Tapgyrda «Farap» we «Kerki» toparlary dynç aldylar.
Yzda galan iki tapgyrdan soňra «A» toparçada «Gurluşykçynyň» 6, «Köpetdag»
bilen «Amulyň» bolsa 3 utugy bar. «B» toparçada her haýsy 6 utuk toplan
«Zara» we «Bagtyýarlyk» toparlary ýaryşyň başyny çekýär. Iki tapgyrda 11
gezek tapawutlanan I.Margalitaşwili («Zara») bilen 8 gol geçiren R.Şermetow
(«Bagtyýarlyk») ýaryşda iň netijeli futzalçylaryň sanawynyň başyny çekýärler.
 Toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýelän toparlaryň ýaryşyň ýarym
finalyna çykjakdygyny ýatladýarys.