Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň birinji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Ýurdumyzyň çempiony adyny almak ugrunda sekiz topar göreşýär. Olaryň hatarynda Lebap welaýatyna wekilçilik edýän üç topar — «Farap», «Gümrükçi» hem-de «Nesil» toparlary çykyş edýär. Birinji aýlawyň ähli duşuşyklary Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň sport toplumynda geçirildi.
Deslapky tapgyr iki toparçada dowam edýär. “A” toparçada «Köpetdag», «Farap», «Senagatbank», «Gümrükçi» toparlary bäsleşýär. Birinji aýlawyň netijeleri boýunça bu toparçada «Köpetdag» 9 utuk bilen birinji, «Gümrükçi» 6 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. «Senagatbank» 3 utuk bilen üçünji, «Farap» topary heniz utuk gazanyp bilmän dördünji ýerde ýerleşdi. Üçünji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda «Senagatbank» topary «Faraby» 9:3 hasabynda ýeňdi.
“B” toparçada «Deňizçi», «Migrasiýa», TNGIZT hem-de «Nesil» toparlary çykyş edýär. Bu toparçada birinji aýlawdan soň «Deňizçi», «Migrasiýa» we TNGIZT toparlarynyň hersi 6 utuk toplady. «Nesil» topary häzirlikçe utuksuz galdy. Üçünji tapgyryň duşuşyklarynda «Migrasiýa» «Nesili» 11:5, «Deňizçi» bolsa TNGIZT toparyny 6:3 hasabynda ýeňdi. Naýbaşy futzal ligasynyň ikinji aýlawynyň duşuşyklary şu ýylyň maý aýynda Mary şäherinde geçiriler.
Türkmenabatda futzal boýunça Naýbaşy liganyň birinji aýlawy geçirildi, ýaryşa Lebapdan üç topar gatnaşýar
21
Apr

