BILIM

Türkmenabatda etnolingiwistik barlaglar seljerildi

2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan “Etnolingwistik barlaglarda häzirki zaman seljermeler” atly onlaýn ylmy-usuly maslahat geçirildi. Çärä ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesiniň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdy.
Maslahatda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny we etnografiýasyny döwlet dili bolan türkmen dili bilen baglanyşykly öwrenmegiň meseleleri, türkmen dilini okatmagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de talyplaryň dil bilimi baradaky düşünjelerini milli ruhy-medeni gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak boýunça täze çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Professor-mugallymlaryň çykyşlarynda degişli ugurlar boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi.