BILIM

Türkmenabatda ertekileri sahnalaşdyrmak boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 62-nji çagalar bagynda welaýat baş bilim müdirliginiň
guramagynda «Bir bar eken, bir ýok eken» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşdylar.
Ýaşlarda däp-dessurlarymyza buýsanç, söýgi duýgularyny ösdürmek, olaryň
türkmen halkynyň gahrymançylykly geçmişini, edebi mirasyny, taryhy şahsyýetlerini sypatlandyrýan ertekiler baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmak,
sözleýiş dilini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler ertekileri sahnalaşdyrmak arkaly öz zehinlerini ýüze çykardylar. Özleriniň söýgüsini gazanan ertekileriň gahrymanlarynyň keşplerini ýerine ýetirmek bäsleşige gatnaşyjy çagalar üçin diýseň gyzykly we täsirli boldy.
Şunlukda eminleriň gelen netijelerine görä, dile çeperligi, sahna hereketleri bilen aýratyn tapawutlanan körpeler ýeňiji diýlip yglan edildi. Has takygy, Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri birinji, Dänew etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri ikinji, Hojambaz etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleri bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: