Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle-de şäher, etrap, oba saglyk öýleriniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşlikde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Lukmanlar çagalary
ýokanç kesellerden goramagyň, olaryň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmekde wagtynda we dogry çäreleri görmegiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de bäbekleri ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň saglyga edýän peýdasy aýratyn nygtaldy.
Çärede çykyş edenler sagdyn perzendiň her bir maşgalanyň guwanjy bolandygyny, çagalaryň dogry iýmitlenmegi we oňa laýyk garaşyk edilmegi ene-atalaryň ilkinji wezipe borjudygyny bellediler. Ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn, päk ahlakly şahsyýetler edip ýetişdirmek ýurdumyzyň geljegini nurana edýän möhüm ýörelge hökmünde görkezildi. Şeýle çäreler ene-atalarda hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge ýardam edýär.
Türkmenabatda enäniň we çaganyň saglygyny goramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
01
Sep
