BILIM

Türkmenabatda ekologiýa ugurly taslamalara bagyşlanan maslahat geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2025-nji ýylyň 20-nji
martynda “Durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ekologiýa ugurly taslamalaryň orny” atly
maslahat geçirildi.
Maslahatda Aşgabat şäherinde  geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň BaşlygyGahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary forumda beýan edilen esasy ugurlar, Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynyň mazmuny, ekologiýa abadançylygy barada gürrüňler edildi.