BILIM

Türkmenabatda ekologiýa abadançylygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Ekologiýa abadançylygy — parahatçylygyň, ösüşiň binýady» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de institutyň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň wekilleridir işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda şanly ýylymyzyň şygarynda orun alan we Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň özeninde duran parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň bütin dünýäde abadançylygy we durnukly ösüşi dabaralandyrmaga aýratyn goşant goşýandygy nygtaldy. Şeýle-de çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini kämilleşdirmek, halkymyzyň parahatçylyk we döwletlilik ýörelgelerini dowam etdirmek ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Soňra dabaraly maslahat Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňler toparynyň çykyşlaryna utgaşdy. Onda talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerini dabaralandyrýan joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: