SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda dzýudo boýunça Lebabyň açyk birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň açyk birinjiligi ugrunda çekeleşikli ýaryş guraldy.
Ýaryşa 8 toparda 150 türgen gatnaşdy. Olaryň arasynda Mary welaýatyndan gelen dzýudoçylar hem bar. Ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenabat şäheriniň topary birinji, Köýtendag etrabynyň pälwanlary ikinji, Çärjew etrabynyň dzýudoçy türgenleri bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.
― Ýaryşda biziň sport mekdebimiziň türgenleri hem üstünlikli çykyş etdiler. Dürli agram derejelerinde ýaş dzýudoçylarymyz Allanur Kadyrow, Atabek Şerhanow, Serdar Şeripow, Begenç Akylow, Mergen Şamuradow, Arslan Döwletow, Çynar Babajanowa, Merjen Çaryýewa, Nülifer Öwezowa, Selbi Seýidowa, Nurana Kurbanowa, Nurana Rozykulyýewa, Arzuw Jumaýewa dagy şowly çykyş edip, Türkmenabat şäheriniň toparynyň öňe saýlanmagyna mynasyp goşant goşdular ― diýip, mekdebiň müdiri welaýat neşirinde çap edilen makalasynda ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: