Lebap welaýatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu şanly baýramda esasy dabara welaýat merkezinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçiriler.
Baýramçylyk günlerinde geçiriljek dabaraly konserte welaýatyň belli sungat ussatlarynyň ählisi gatnaşar. Baýramçylyk konsertinde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri bu şanly senä bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş ederler. Konsertiň dowamynda aýdymçylar türkmen halk we häzirkizaman aýdymlary bilen bilelikde rus, özbek, türk, azerbaýjan, gazak, täjik, italýan, arap, tatar, belarus halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirerler.
Şanly baýramyň dowam edýän günlerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» ady bilen geçiriljek hepdeligiň çäginde doganlyk halklaryň belli drama eserlerini tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem şanly baýramyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän sergileri ýaýbaňlandyrarlar.
Türkmenabatda dünýäniň iň meşhur aýdym-sazlarynyň konserti bolar
29
Nov
