Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewe degişli bolan Türkmenabat şäherindäki «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde şu ýylyň başyndan bäri jorap jübütleriniň 300 müňe golaýy taýýarlanylyp, ilata hödürlenildi.
Bu ýerde her günde joraplaryň müňlerçe jübüti öndürilip, söwda nokatlaryna ugradylýar.
Alty ýyldan bäri hereket edýän bu hususy önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň meşhur kompaniýalarynda öndürilen ýokary hilli enjamlaryň 65-si bökdençsiz işledilýär. Hil taýdan ýokary, göze gelüwli, erkeklere, aýallara, ýetginjek oglan-gyzlara we kiçi ýaşly çagalara niýetlenilen dürli ölçegdäki owadan joraplar uly islegden peýdalanýar.
