Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş hem-de Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramaklarynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Bakylyga öwrülen mertler» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi we sergi guraldy. Oňa muzeý işgärleri, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Gahryman gerçekleriň keşbi ýaş nesilleriň kalbynda» atly surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Bäsleşige hödürlenen surat eserleriniň her birinde türkmen gerçekleriniň ýowuz jeňde görkezen gahrymançylygy, ildeşlerimiziň tylda çeken merdana zähmeti, taryhy ýeňşiň
gazanylmagyna türkmen gelin-gyzlarynyň goşan goşandy çagalaryň tämiz kalby bilen beýan edilipdir.
Bäsleşikde okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda Rozaý Seýidowa, Dilnaza Jumanyýazowa, Malika Bekmyradowa hem-de Selbinýaz Şypaýewa 1-nji, Mähri Sahatowa, Milana Illiýewa, Sewinç Magamedowa hem-de Mahri Bazarowa 2-nji, şeýle hem Gülnabat Sähetowa, Anora Azamatowa, Şahnaza Narimanowa we Aýlara Ibragimowa dagy 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Maslahata gatnaşyjylaryň ýaş suratkeşleriň bäsleşige hödürlän eserleriniň sergisine tomaşa etmekleri-de aýratyn täsirli boldy.
Türkmenabatda çagalaryň arasynda geçirilen çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli edildi

03
May