Gyşky dynç alyş möwsüminde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry, welaýat çagalar kitaphanasynyň okalga zaly hem mydama köpadamly. Düýn bu kitaphanada şäherdäki orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, biziň illere!» atly ertirlik geçirildi. Onda okuwçylar goşgulary labyzly okadylar, öz okan çeper eserleriniň many-mazmunyny gürrüň berdiler.
Kitaphanada ýaş suratkeşleriň döreden eserleriniň sergisi guraldy. Çäre mahalynda kitaphana işgärleri türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan gurjak oýnuny görkezdiler.
Türkmenabatda çagalar üçin dabaralar geçirilýär

09
Jan