Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärä Türkmenabat şäher çagalar çeperçilik mekdebinde nakgaşlyk sungatyny öwrenýän ýaş suratkeşler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda ýaş suratkeşleriň tebigat gözelliklerini, parahat durmuşy, bagtyýar çagalygy we eşretli zamanany beýan edýän surat eserleri görkezildi. Şeýle hem welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmuny barada gürrüň berdiler.
Türkmenabatda çagalar bilen çeperçilik çäresi geçirildi
30
May

