Türkmenabat şäherindäki 38-nji çagalar bakja-bagynda «Tomus sagaldyş möwsüminde arassaçylyk kadalaryny, keselleriň öňüni alyş çärelerini talabalaýyk guramagyň usullary» diýen mowzukda usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa etrap-şäherlerdäki çagalar baglarynyň şepagat uýalarydyr terbiýeçileri gatnaşdylar.
Maslahatda şepagat uýalary tomus möwsüminde çagalar bakja-baglarynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň, şeýle-de taplama çärelerine ünsi güýçlendirmegiň meseleleri, çagalaryň saglygyny goramak, tehniki howpsuzlyk düzgünleri berjaý etmek dogrusynda pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar çagalar bakja-baglarynda taplama çärelerini geçirmek üçin zerur enjamlary taýýarlamak, körpeleri kadaly iýmitlendirmegi guramak boýunça taýýarlanylan ýörite sergä syn etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren «Saglyk öýi», «Şadyýan tomus» ýaly sport we mazmunly oýunlary olaryň sagdynlyk endiklerini dogry berjaý edýändiklerini subut etdi. Körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary bolsa maslahaty aýratyn ruhubelentlige besledi.
Türkmenabatda çagalar baglarynyň şepagat uýalarynyň maslahaty geçirildi

09
Jun