JEMGYÝET

Türkmenabatda çaga saglygy bilen bagly maslahat geçirildi

Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar bagtly geljegimizdir» ady bilen maslahat geçirildi.

Oňa merkeziň lukmanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaş eneler gatnaşdylar.

Maslahatda merkeziň lukmanlary ýaş enelere çagalaryň saglygyny goramak, olaryň kadaly ösüşini gazanmak bilen bagly degerli maslahatlaryny berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: